Nowak Jokowiç täze rekord goýdy

  • 28.02.2023 12:52
  • 12k+

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç dünýä reýtinginiň başynda geçiren hepdeleriniň sany boýunça germaniýaly Şteffi Grafyň rekordyny täzeledi. Jokowiç 378-nji hepde Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde birinji orny saklaýar. Bu reýtingiň täzelenen görnüşi duşenbe güni guramanyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, rsport.ria.ru habar berýär. Grafyň rekordy Zenanlaryň tennis assosiasiýasynyň (WTA) reýtinginiň başynda 377 hepdä barabardy. Serbiýaly tennisçi ilkinji gezek 2011-nji ýylyň 4-nji iýulynda dünýäniň birinji raketkasy boldy.

ATP-niň 27-nji fewraldaky reýtingi:

1 (1). Nowak Jokiwç (Serbiýa) – 6980 utuk;
2 (2). Karlos Alkaras (Ispaniýa) – 6780;
3 (3). Stefanos Sisipas (Gresiýa) – 5805;
4 (4). Kasper Ruud (Norwegiýa) – 5515;
5 (7). Teýlor Fris (ABŞ) – 3660;
6 (5). Andreý Rublýow (Russiýa) – 3405;
7 (8). Daniil Medwedew (Russiýa) – 3320;
8 (6). Rafael Nadal (Ispaniýa) – 3315;
9 (9). Feliks Ože-Alýassim (Kanada) – 3245;
10 (10). Holger Rune (Daniýa) – 3161...


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....

05.05.2026 17:34
9.4k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....