Mejlisiň Başlygy Gwatemalanyň Türkmenistandaky ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

  • 28.02.2023 07:46
  • 7.6k+

27-nji fewralda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Haýro Dawid Estrada Barriosdan ynanç hatyny kabul etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili Gwatemala Respublikasynyň Prezidenti Alehandro Jiammatteiniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk we ägirt uly özgertmeler ýolunda täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň çäklerinde diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Gwatemalanyň ilçisi ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş ugurly ägirt uly özgertmeler, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dürli ulgamlarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki milli we halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......