2023-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna 305 dalaşgär dalaş edýär

  • 25.02.2023 14:42
  • 12k+

2023-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna 305 dalaşgär hödürlenip, olardan 212-si fiziki şahs we 93-üsi guramadyr. Bu barada Norwegiýanyň Nobel komiteti habar berdi diýip, news.zerkalo.io belleýär.

“305 dalaşgär – bu geçen ýyla garanyňda (343) azdyr we 2019-njy ýyldan bäri iň az mukdardyr. Eýýäm yzygider sekiz ýyl bäri dalaşgärleriň sany 300-den geçýär. Häzirki 376 dalaşgär rekordy 2016-njy ýylda gazanyldy” – diýip, metbugat relizinde bellenilýär.

Metbugat gullugy baýraga dalaşgärleriň doly sanawynyň diňe baýrak gowşurylandan 50 ýyldan soň mälim edilip bilinýändigini ýatladýar. Muňa garamazdan, käwagt dalaşgärleriň atlary HBS-iň üsti bilen belli bolýar.
Mysal üçin, öň 19 ýaşly şwesiýaly ekoaktiwist Greta Tunbergiň we onuň Fridays for Future (“Geljegiň hatyrasyna annalar”) hereketiniň dördünji gezek Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna dalaşgär görkezilendigi habar berlipdi. 2019-njy ýylda Tunberg bu baýragy almak üçin bukmeker kompaniýalarynyň faworiti boldy.


11.12.2025 19:12
3.9k+

Stokgolmda we Osloda 2025-nji ýylyň Nobel baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

Stokgolmda fizika, himiýa, lukmançylyk, ykdysadyýet we edebiýat ugurlary boýunça 2025-nji ýylyň Nobel baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Çäre Stokgolmyň konsert zalynda geçdi we oňa Şwesiýanyň patyşalyk maşgalasynyň agzalary, premýer-ministr Ulf Kristersson, hökümet we partiýa wekilleri, daşary ýurt myhmanlary, şeýle-de laureatlar we çagyrylan myhmanlar gatnaşdy...

13.10.2025 17:20
5k+

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy innowasiýalar bilen ösüşiň arasyndaky baglanyşygyň öwrenilendigi üçin berildi

2025-nji ýylda Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýrak Joel Mokire, Filipp Agiona we Piter Hauite berildi. Bu barada Şwesiýanyň patyşalyk ylymlar akademiýasy habar berdi. Baýragyň ýarysyny tehnologik ösüşiň esasynda ykdysadyýetiň durnukly ösmeginiň sebäplerini düşündirendigi üçin amerikan-ysraýylly ykdysadyýet taryhçysy Joel Mokir alar...

10.10.2025 17:21
6.7k+

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny Wenesueladan syýasatçy Mariýa Korino Maçado aldy

Osloda 2025-nji ýylyň Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesi yglan edildi. Baýraga Wenesueladan oppozision syýasatçy Mariýa Korino Maçado mynasyp boldy. Ozal Maçado Wenesuelanyň parlamentiniň deputaty bolupdy we 2012-nji ýylda prezident saýlawlaryna gatnaşdy...

16.08.2025 18:03
18k+

Ýedi ýurduň Liderleri Trampy Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlemek teklibini goldady

Ak tam ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlenmegini goldan daşary ýurt Liderleriniň sanawyny çap etdi. Bu habar Ak tamyň resmi saýtynda, X sosial ulgamynda ýerleşdirildi...