Dünýäde üçünji näsag süňk ýiliginiň öýjükleriniň kömegi bilen AIW-den bejerildi

  • 25.02.2023 11:06
  • 15k+

Nemes lukmanlary göçürilen süňk ýiliginiň öýjükleriniň kömegi bilen AIW-i bejermegiň üçünji şowly ýagdaýyny yglan etdiler. Näsag olary immun öýjüklerini immun ýetmezçiligi wirusynyň hüjümlerinden goraýan mutasiýaly donordan aldy. Bu baradaky iş Nature žurnalynda çap edildi. Dýusseldorf uniwersitetiniň metbugat gullugy netijeleri yglan etdi.

Dýusseldorf uniwersitetiniň (Germaniýa) ylmy işgäri Born Ýenseniň:  "Synaglarymyz iki çemeleşme - hassanyň bedenini "ukuda ýatan" ýokançly, kesel  immun öýjüklerinden arassalamak, şeýle hem AIW-e garşy dogabitdi immunitetli immun ulgamynyň öýjüklerini   transplantasiýa etmek arkaly AIW-iň köpelmegini basyp biljekdigimizi ynam bilen aýtmaga mümkinçilik berýär. Bu wirus ýokançlygynyň gaýtadan örç almagyna mümkinçilik bermeýär "- diýip mälim edendigini ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugy habar berýär.

Häzirki wagtda Ýer ýüzünde iki adam AIW-den doly bejerildi diýlip ykrar edildi. Olaryň birinjisi, "Berliniň hassasy", süňk ýiliginiň transplantasiýasyndan soň wirusa garşy immunitet alan amerikaly Timoti Braundyr. Şonuň ýaly-da, wenesuelaly Adam Kastilýeho atly "londonly hassa" immunitet ýetmezçiligi wirusyndan halas boldy.


20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......