Gazagystanda daşary ýurtlularyň ýaşamak üçin şahadatnama almagyna mümkinçilik berýän hünärleriň sanawy tassyklandy

  • 24.02.2023 13:54
  • 19k+

Gazagystanyň Ilatyň zähmet we sosial goragy ministrligi daşary ýurtlularyň ýaşamak üçin şahadatnama almagyna mümkinçilik berjek isleg bildirilýän hünärleriň sanawyny tassyklady. Sanaw saglygy goraýyş, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary, ylym ýaly dürli ugurlarda 21 hünäri göz öňünde tutýar diýip, ru.sputnik.kz habar berýär.

Isleg bildirilýän hünärlere eýe bolan daşary ýurtlular içerki işler edaralarynda tölege ukyplylygyny tassyklamazdan ýönekeý görnüşde ýaşaýyş üçin şahadatnamany resmileşdirip bilerler diýip, Zähmet ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Ýaşaýyş üçin şahadatnama 10 ýyl möhlet ýa-da daşary ýurtlynyň pasportynyň möhleti bilen berler.
Zähmet ministrliginiň “Daşary ýurtlular tarapyndan Gazagystan Respublikasynda hemişelik ýaşamaga ygtyýarnama almak üçin isleg bildirilýän hünärleriň sanawyny we ony resmileşdirmegiň düzgünlerini tassyklamak barada” buýrugy 2023-nji ýylyň 28-nji fewralyndan güýje girýär.

Isleg bildirilýän hünärleriň sanawy:

  1. Neýrohirurg lukmany
  2. Gematolog lukmany
  3. Onkolog lukmany
  4. Neonatolog lukmany
  5. Endokrinolog lukmany
  6. Organiki däl maddalaryň tehnologiýasy boýuna gözlegçi inžener
  7. Organiki maddalaryň tehnologiýasy boýunça gözlegçi inžener
  8. Farmasiýa tehnolog inženeri
  9. Gazylyp alynýan peýdaly magdanlary taýýarlamak boýunça gözlegçi inžener
  10. Awiasiýa inženeri
  11. Kosmos ulgamynyň enjamlaýyn-programmalaýyn üpjünçiligi boýunça inžener
  12. Täze tehnikany we tehnologiýany ornaşdyrmak boýunça inžener
  13. Lazer enjamlary boýunça inžener
  14. Sellýulozanyň, kagyzyň, poligrafiýanyň we süýümiň önümçilik tehnologýasy boýunça gözlegçi inžener
  15. Lukmançylyk radiohimik inženeri
  16. Lukmançylyk fizik inženeri
  17. Dokma çig malynyň klassifikatory
  18. Bakteriolog
  19. IT infrastrukturasynyň arhitektory
  20. Programma üpjünçiligi arhitektory
  21. Önümçilik okuwynyň ussady (inženeriýa we inženerçilik işi)

19.06.2026 11:22
4.3k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

06.06.2026 10:03
17k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....