24-nji fewralda täzelenen Peugeot 508 çykar

  • 24.02.2023 11:20
  • 10k+

Peugeot Sport kompaniýasy täzelenen Peugeot 508 hatarynyň ýakyn wagtda hödürlenjekdigini habar berdi. Fransuz şereketi sedan, uniwersal we 508 PSE bilen 508 SW PSE-niň iki sport görnüşi babatynda gowulaşmalaryň boljakdygyny wada berýär.

Kompaniýa awtoulagy bölekleýin görkezýän gysga wideoroligi çap etdi. Ýöne onda teker dizaýnyny, öňdäki spoýleriň bir bölegini we kompaniýanyň täzelenen nyşany bilen kamera goýlan radiator gözenegini görmek bolýar.
Awtoulagyň korpusynyň dizaýny täzelener, faralary, yzky çyralary başgaça bolar we beýleki üýtgeşmeler giriziler. Salonda täze materiallaryň, has uly ekranlaryň ulanylmagyna garaşylýar we şassi sazlamalary rahatlyk duýgusyny döreder we sporta mahsus öwüşgini goşar diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi. Şeýle hem, öňdebaryjy sürüjilik kömek tehnologiýalarynyň ulanyljakdygy barada gürrüň edilýär.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....