Özbegistanda türkmen suwuklandyrylan gazy mugt paýlanyp başlandy

  • 21.02.2023 19:19
  • 35k+

Özbegistan Türkmenistandan mugt iberilýän suwuklandyrylan gazy mätäçlere paýlap başlady. Bu barada «Hududgaztaminot» kompaniýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, gazeta.uz habar berdi.

Suwuklandyrylan gazly demir ýol wagonlary eýýäm Özbegistana geldi. Ýangyç Garagalpagystanyň pes girdejili ýaşaýjylarynyň arasynda paýlanýar.
Kompaniýanyň metbugat gullugynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan 2000 tonna suwuklandyrylan gaz iberdi. Onuň 1000 tonnasy Garagalpagystanyň ýaşaýjylarynyň arasynda, ýene 1000 tonnasy bolsa Horezm sebitinde paýlanmagy meýilleşdirilýär.
Özbegistanyň Energetika ministrligi ozal suwuklandyrylan gazyň mätäç maşgalalaryň arasynda mugt paýlanjakdygyny habar beripdi.
Fewral aýynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow suwuklandyrylan gazy Özbegistana mugt geçirmek barada karara gol çekdi.
8-nji fewralda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Özbegistan Türkmenistana 20 sany Volkswagen Caddy tiz kömek ulagyny iberdi.


düýn 22:17
1.3k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......