Sukerberg Facebook-da we Instagramda tölegli tassyklamanyň girizilendigini habar berdi

  • 21.02.2023 08:52
  • 6.5k+

Meta kompaniýasyna degişli bolan Facebook we Instagram sosial ulgamlarynda akkauntlaryň hakykylygyny tölegli tassyklamak mümkinçiligi peýda bolar. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Şu hepde biz Meta Verified funksiýasyny – size akkauntyňyzy döwlet şahsyýetnamasy bilen tassyklamaga, gök nyşanjyga, özüni siz hökmünde görkezýän akkauntlardan goşmaça goraga eýe bolmaga we goldaw hyzmatyna gönüden-göni elýeterli bolmaga mümkinçilik berýän abuna hyzmatyny girizmäge başlaýarys” – diýip, Sukerberg Facebook-da ýazdy.

Sukerbergiň aýtmagyna görä, akkauntlary tassyklamagyň bahasy web-wersiýada aýda 11,99 dollar we iOS sistemasyndaky ykjam gurluşlar üçin aýda 14,99 dollar bolar. Täze funksiýany ulanmak mümkinçiligini ilkinji bolup Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň ýaşaýjylary alar, soňra “ýakyn wagtda” ol beýleki ýurtlarda-da peýda bolar.


düýn 23:54
388

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

07.05.2026 00:06
2.7k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....