Toyota täze Corolla Cross krossowerini çykarar - ol RAV4-den has uly bolar

  • 21.02.2023 08:54
  • 15k+

Ýakyn wagtda Toyota-nyň RAV4-den has ulurak täze Corolla Cross krossoweri çykmagy mümkin. Autocar-yň berýän maglumatyna görä, täze model hindi bazary üçin taýýarlanýar we Corolla Cross-yň häzirki wersiýasynyň esaslanýan süýndürilen TNGA-C (GA-C) bazasyny alar.

Awtoulagyň uzynlygy 4650 mm (häzirki - 4490 mm), tigir bazasy 2790 mm (häzirki - 2640 mm) çenli öser diýlip garaşylýar. Netijede, şeýle Corolla Cross RAV4-den has uly bolar (uzynlygy 4600 mm, tigir bazasy - 2690 mm). Içki giňişligiň şeýle ulalmagy kabinada üç hatar oturgyç ýerleşdirmäge mümkinçilik berer - uzyn Corolla Cross 7 orunlyk bolar.
Uly Corolla Cross -yň binýady 174 at güýji bolan 2,0 litrlik benzinli hereketlendiriji, iň ýokarky görnüşi bolsa güýç gurluşynyň kuwwaty 186 at güýjüne deň bolan gibrid bolar. (Şeýle hem, 2.0 litrlik hereketlendirijini öz içine alar).


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......