Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dominikanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

  • 21.02.2023 08:32
  • 5k+

Türkmenistanda Dominikan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elwis Antonio Alam Lora işe başlady. Ilçiden ynanç hatyny 20-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa kabul etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili Prezident Serdar Berdimuhamedowa Dominikan Respublikasynyň Prezidenti Luis Abinaderiň mähirli salamyny hem-de ykdysady ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn görnüşde, ozaly bilen, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýan türkmen-dominikan hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy boýunça düýpli pikir alyşmalar boldy.
Mejlisiň Başlygy özygtyýarly ösüş ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan ägirt uly üstünlikleri barada gürrüň berdi. Diplomat milli parlamentiň düzümi we alyp barýan işleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda geçirilýän düýpli özgertmeler bilen tanyşdyryldy.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......