“Barselona” – “MÝ” oýny tomaşaçylaryň gatnaşygy boýunça Ýewropa ligasynyň rekordyny täzeledi

  • 19.02.2023 12:27
  • 21k+

UEFA-nyň Ispaniýanyň “Kamp Nou” stadionynda geçirilen Ýewropa ligasynyň “Barselona” bilen “Mançester Ýunaýtediň” arasyndaky oýny ýaryşyň taryhynda iň köp tomaşaçy ýygnan oýun boldy diýlip, Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň saýtynda habar berilýär. Muny sport-interfax.ru ýetirýär.

Oýna gelen tomaşaçylaryň umumy sany 90255 boldy. Bu geçenki rekord bilen deňeşdirilende tas 10 müň adam köpdür. Ol 2017-nji ýylda “Uembli” stadionynda geçirilen Ýewropa ligasynyň “Tottenhem” – “Gent” oýnunda goýlupdy. Bu oýna 80465 tomaşaçy geldi.
“Barselona” – “MÝ” oýny 2:2 hasabynda tamamlandy.


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....