Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady

  • 18.02.2023 09:59
  • 7.2k+

Türkmenistan bilen Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II ibn Al Husseýne we ýurduň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Patyşa Abdulla II ibn Al Husseýne tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....