2023-nji ýylyň iň oňat zenan awtoulaglary yglan edildi

  • 17.02.2023 11:46
  • 22k+

Women's World Car Of The Year (Dünýäde ýylyň zenan awtoulaglary) bäsleşiginiň eminler topary şu ýyl ýeňijileri esasy alty kategoriýada yglan etdi. Olaryň hemmesi diýen ýaly wsedorožnikler bolup çykdy: ýeňil ulag modeli diňe «Ýylyň sport awtoulagy» kategoriýasynda bu ada eýe boldy. Baýragyň esasy ýeňijisi 8-nji martda yglan ediler.  

2023-nji ýylyň “Şäher awtoulagy” Kia Niro, “Maşgala krossoweri” - Jeep Avenger, “Uly wsedorožnigi” - Nissan X-Trail boldy. Bäsleşigiň dalaşgärleriniň arasynda "Uly ýeňil awtoulag" kategoriýasy hem bar, ýöne krossowerpisint Citroen C5 X iň gowusy diýlip saýlandy. 

Ford Ranger “Ýylyň pikapy” boldy we ýeňijileriň arasynda ýeke-täk ýeňil awtoulag bolsa Audi RS 3 boldy: eminler 2023-nji ýylyň iň gowy sport awtoulagy hökmünde hetçbegi saýlady.
Women's World Car Of The Year bäsleşiginiň emin agzalary 45 ýurtdan jemlenen 63 sany awtoulag žurnalistinden ybarat. Dalaşgärlere dolandyrylyşy, amatlylygy, tehnologikligi, bezegi, hiliniň bahasyna bolan gatnaşygy, şeýle hem daşky gurşawa ýetirýän täsiri ýaly birnäçe ölçegler boýunça hünärmenler tarapyndan baha berilýär.


19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....