Bütindünýä bankynyň prezidenti möhleti gutarmanka wezipesinden gidýär

  • 17.02.2023 01:22
  • 17k+

Bütindünýä bankynyň prezidenti Dewid Melpas möhletinden öň wezipesinden gitmek kararyna gelendigini mälim etdi.

Bütindünýä bankynyň metbugat beýanatyndan: "Bütindünýä bankynyň prezidenti Dewid Melpas direktorlar geňeşine dört ýyldan gowrak hyzmat edeninden soň, 30-njy iýunda tamamlanjak maliýe ýylynyň ahyryna çenli Bütindünýä bankynyň prezidenti wezipesinden gitmek niýetiniň bardygyny habar berdi".
Melpasyň bu kararynyň sebäbi entek aýan edilmedi. Melpasyň ygtyýarlyklarynyň möhleti entek 2024-nji ýylda tamamlanýardy.
Dewid Melpas Bütindünýä bankynyň 13-nji prezidenti. Ol bu wezipäni 2019-njy ýylyň 5-nji aprelinden bäri eýeleýär.
Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Bütindünýä banky dürli ýurtlardaky döwlet we hususy kärhanalara,  hökümetlerinden kepillikler bolan ýagdaýynda, uzak möhletli pes göterimli karzlary, şeýle hem göterimsiz karzlary we grantlary berýär.


şu gün 11:05
2.1k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

28.02.2026 10:13
9.7k+

Türkiýe 7 milliard dollara yklymlarara demir ýol gurar

Türkiýe Demirgazyk aýlaw demir ýolunyň gurluşygy üçin alty halkara guramadan 6,75 milliard dollar maliýe serişdesini almak boýunça deslapky ylalaşyga ýetdi. Bu taslama Bütindünýä banky, Aziýa infrastruktura maýa goýum banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriler...

11.06.2025 16:03
6.4k+

Bütindünýä banky garyplygyň çägini günde 3 dollara çenli ýokarlandyrdy

Bütindünýä banky halkara garyplyk çäginiň adam başyna günde 2,15 dollardan 3 dollara çenli ýokarlandyrylandygyny habar berdi. Bu barada guramanyň habarynda aýdylýar. Geçenki çäk 2017-nji ýylda ýurtlaryň satyn alyjylyk ukybynyň pariteti (purchasing power parity, PPP) baradaky maglumatlaryň esasynda hasaplanypdy...

01.03.2025 10:50
5.6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň we Halkara maliýe korporasiýasynyň wekilleri bilen duşuşdy

28-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassani, bankyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin...