Oguz han uniwersitetinde ýaşlar syýasaty we innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat geçirildi

  • 16.02.2023 13:11
  • 13k+

15-nji fewralda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Durnukly ösüş maksatlary: ýaşlar syýasaty we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahata ýurdumyzyň belli alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly dünýäniň 23 ýurdunyň ylmy düzümleriniň 50-ä golaý wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Gruziýa, Ýaponiýa, Russiýa, ABŞ, Rumyniýa, Germaniýa, Azerbaýjan, Nigeriýa, Gazagystan, Hytaý, Tailand, Efiopiýa, Koreýa, Hindistan we beýlekiler bar.
Halkara ylmy-amaly maslahatynyň gün tertibine ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti ýaly meseleler girizildi.
Çykyş edenler bilimiň dürli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen möhüm meselelere degip geçdiler we öz geçiren ylmy-barlag işleri barada maglumat berdiler. Daşary ýurtly alymlaryň sanly ulgam arkaly çykyşlarynda ýurdumyzyň ylym-bilim, innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 200-e golaý zehinli ýaş mugallymlar zähmet çekýär, 4 müňe golaý talyp bar. Talyplara iňlis we ýapon dilleri, innowasion tehnologiýalaryň ylmy esaslary, innowasiýalaryň ykdysadyýeti we tehnologiýa işewürligi dersleri öwredilýär.
Häzirki wagtda ýerine ýetirilýän ylmy-barlaglaryň netijeleri boýunça uniwersitetiň mugallymlary we talyplary tarapyndan 30-dan gowrak patentler alyndy.


06.03.2026 17:29
5.5k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

28.02.2026 13:00
3.5k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H...

17.02.2026 13:06
843

Apple mart aýynyň başynda «ýörite» Apple Experience çäresini geçirer

Apple kompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji martynda ýörite Apple Experience çäresiniň  geçiriljekdigini yglan etdi. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 19:00 meýilleşdirildi. 9to5Mac neşiriniň belleýşi ýaly, kompaniýa çäräniň resmi tertibini häzirlikçe açyp görkezmedi...

12.02.2026 18:54
1.4k+

Türkmenistanyň ilçisi ýapon hyzmatdaşlary bilen ylmy-tehnologik gatnaşyklary maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Ýaponiýada Türkmenistanyň ilçisi A. Baýramowyň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň prezidenti H. Koýnuma we bu assosiasiýa bilen hyzmatdaşlyk edýän ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy...