Farrell Uilýams Louis Vuitton-yň erkekler üçin hatarynyň täze döredijilik müdiri bolar

  • 16.02.2023 11:40
  • 10k+

Fransiýanyň Louis Vuitton moda öýi amerikaly sazanda we dizaýner Farrell Uilýamsyň täze döredijilik müdiri boljakdygyny habar berdi. Ol brendiň erkekler üçin hataryna ýolbaşçylyk eder. Bu barada buro247.ru belleýär.

Uilýams tarapyndan döredilen ilkinji kolleksiýa Parižde geçiriljek Erkekleriň moda hepdeliginiň çäginde hödürlener. Ol 2024-nji ýylyň iýun aýynda geçiriler.

“Farrel Uilýams döredijilik dünýäsi aýdym-sazdan sungata we moda çenli uzalyp gidýän öňdengörüjidir. Soňky ýigrimi ýylda ol özüni dünýä derejesindäki medeni ikona hökmünde görkezdi. Onuň öwrenýän dürli dünýäsinde serhetleri bozmagy Louis Vuitton-yň Medeniýet öýi hökmünde statusyna laýyk gelip, onuň innowasiýa, täzeçillik ruhy we telekeçilik gymmatlyklaryny berkidýär” – diýlip, Louis Vuitton-yň habarynda aýdylýar.

Brendiň başlygy we ýerine ýetiriji müdiri Pýetro Bekkari: “Men 2004-nji we 2008-nji ýyllarda Louis Vuitton üçin hyzmatdaşlygymyzdan soň Farrelli erkekler kolleksiýasynyň täze döredijilik müdiri hökmünde garşylamaga şat. Onuň modanyň çäginden daşary döredijilik gözýetimi, gürrüňsiz, Louis Vuitton-y täze we özüne çekiji tapgyra elter” diýip belleýär.


düýn 19:29
4k+

Jud Bellingem Louis Vuitton-yň täze ýaz/tomus toplumyny hödürledi

Louis Vuitton 2026-njy ýylyň ýaz-tomus möwsüminiň mahabat kampaniýasyny görkezdi. Madridiň “Realynyň” we Angliýanyň ýygyndysynyň ýarym goragçysy Jud Bellingem onuň ýüzi boldy diýip, Hypebeast habar berýär. Toplumda agras nusgawy şekiller - penjekler, balaklar we köýnekler - žakkard bomberler, trikotaž we minimalistik aýakgap ýaly häzirki zaman elementleri bilen sazlaşýar...

04.07.2025 18:53
5.2k+

Louis Vuitton 10 müň dollara halas ediş halkasynyň şekilinde ýantorba çykardy

Louis Vuitton fransuz moda öýi halas ediş halkasynyň şekilinde üýtgeşik ýantorba hödürledi. Onuň bahasy 10 müň dollara barabar. Aksessuar wintaž stilindäki ýazgy bilen brendiň nusgawy reňkinde ýerine ýetirildi, bu hem ony tomusky obraz üçin tüýs laýyk edýär...

02.07.2025 11:27
7.4k+

Louis Vuitton Şanhaýda kruiz gämisiniň şekilinde dükan açdy

Şanhaýyň işewürlik merkezinde The Louis ady bilen Louis Vuitton-yň binasy açyldy. Ol kruiz gämisiniň şekilinde gurlup, şäheriň merkezi köçeleriniň biriniň gapdalynda ýerleşdi. Onuň içinde brendiň dükany, Le Café Louis Vuitton kafesi we Visionary Journeys sergi zaly bar...

24.06.2025 12:03
2.2k+

LVMH "Cannes Lions 2025" mahabat festiwalynyň Gran-Prisini aldy

LVMH konglomeraty Pariždäki Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna bagyşlanan kampaniýa üçin Cannes Lions 2025  mahabat festiwalynda Luxury and Lifestyle  (öňki Luxury Lion) kategoriýasynda Gran-Pri aldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär...