Şri-Lankada bir gezeklik plastik önümlerini ulanmagy düýbünden gadagan etdiler

  • 15.02.2023 11:26
  • 10k+

Sişenbe güni Şri-Lankanyň hökümeti biologik taýdan dargamaýan bir gezeklik plastik önümleri ulanmagy düýbünden gadagan etdi.

Daşky gurşawy goramak, şeýle hem adada ýaşaýan pilleri we ýabany sugunlary halas etmek maksady bilen şeýle çäre görülýär diýip, AFP habarlar gullugy hökümetiň resmi wekili, habarlar ministri Bandul Gunawardanyň sözlerini getirýär.
Onuň sözlerine görä, iýun aýyndan Şri-Lankada plastik önümleri öndürmek we satmak gadagan ediler. Bu çäreler  ýurtda plastik paketleri ulanmazlyk babatda 2017-nji ýyldan bäri hereket edýän gadagançylygyň, şeýle hem bir gezek ulanylýan plastik gap-gaçlary we bu materialdan ýasalan çaga oýnawaçlaryny ýurda getirmezlik babatda 2021-nji ýylda girizilen gadagançylygyň üstüni ýetirer.

Ýerli daşky gurşawy goraýjylaryň pikiriçe, Şri-Lankadaky plastikden ýüz öwürmek çäresi, ekologiýa taýdan arassa materiallar ugrunda dünýä modasyna hormat däl-de, gyssagly zerurlykdyr. Ýurt her gün onlarça tonna plastik galyndy çykarýar. Zerur enjamlaryň ýoklugy sebäpli olar hiç hili gaýtadan işlenilmeýär. Plastik ýere gömülýär, soň bolsa daşky gurşawy zäherläp, ýabany haýwanlaryň ölmegine sebäp bolýan wagtyň haýal partlaýan minasyna öwrülýär.


30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
7.1k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

22.03.2026 12:19
5.5k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

21-nji martda Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän pursatlarynda ýurduň ekologiýa syýasatynyň rowaçlanýandygyny dabaralandyrýan ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu...