Ilon Mask «Mançester Ýunaýtedi» satyn almak mümkinçiligine seredýär

  • 14.02.2023 21:11
  • 16k+

Twitteriň we Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask Gleýzerler maşgalasy tarapyndan «Mançester Ýunaýtediň» satylmagy bilen bagly ýagdaýa üns berýär diýip, Daily Mail habar berýär.

Arza tabşyrmagyň möhleti anna güni tamamlanar. Kluby satyn almaga dalaş edýänleriň arasynda Saud Arabystanyndan hem birnäçe maýadar bar.
Öň, Mask «Ýunaýtedi» satyn almakçydygyny mälim edipdi, ýöne soňrak bu sözleriň degişme bolandygyny aýtdy. Telekeçiniň baýlygy 178 mlrd ýewro, «Mançester Ýunaýtediň» bahasy bolsa 5 mlrd ýewrodan gowrak diýip, championat.com belleýär.
Belläp geçsek, «Twitterde» Maskyň 128,9 mln, toparyň 34,9 mln abunaçysy bar.
Angliýanyň Premýer-ligasynyň häzirki möwsüminde Erik ten Hagyň topary 23 oýunda 46 utuk gazanyp, jedwelde üçünji orny eýeleýär. Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyrynda angliýalylar “Barselona” bilen oýnar.


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....