«Forsaž 10» filminiň treýleri çykdy

  • 12.02.2023 23:37
  • 16k+

Internetde “Forsaž 10” filminiň treýleri peýda boldy. Dominik Torettonyň (Win Dizel) we onuň maşgalasynyň başdangeçirmeleriniň täze bölümi 19-njy maýda halkara kinoteatrlarynda görkeziler.

Filmiň mazmunyna görä, Torettonyň urugy ýok edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolup, başga bir güýçli jenaýatça (Jeýson Momoa) garşy durmaly. Filmde baş keşbi janlandyranlar: Mişel Rodriges, Bri Larson, Şarliz Teron, Jon Sina, Jeýson Steýtem, Helen Mirren, Rita Moreno, Kardi Bi we başgalar. 2013-nji ýylda aradan çykan aktýor Pol Walker hem rolikde “peýda boldy”.
Onunjy "Forsaž"-yň býujeti 340 million dollar boldy. Lui Leterýe ("Aldawyň illýuziýasy") lentanyň režissýory bolup çykdy. Filmi aslynda Jastin Lin (“Forsaž 9”) surata düşürmelidi, ýöne Dizel bilen döredijilik düşünişmezligi sebäpli ol bu wezipeden gitmeli boldy.


01.07.2025 14:08
7.8k+

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsažyň” iň soňky filminde peýda bolar

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsaž” film sagasynyň soňky bölüminde ýene peýda bolar. Muny Win Dizel Los-Anjelesdäki festiwalda mälim etdi. Onuň sözlerine görä, Braýan O'Konneriň keşbi ilkinji görkezilişi 2027-nji ýylyň aprelinde çykmagy meýilleşdirilýän jemleýji filmde gaýdyp geler...

17.03.2025 18:36
6.9k+

“Forsaž 7-däki” Jeýson Stethemiň baggisi 40 750 dollara satyldy

“Forsaž 7” filminden belli bolan “Fast Attack” baggisiniň täze eýesi peýda boldy. Jeýson Stethemiň süren ulagy Bring a Trailer portalynda geçirilen auksionda 40 750 dollara satyldy. “Ýörite surata düşüriş üçin...

06.02.2025 12:14
7.8k+

“Forsaž” kinofranşizasynyň ýyldyzlary doňdurmanyň mahabatynda surata düşdüler

“Forsažyň” ýyldyzlary ýaryş ýollaryny asuda doňdurma iýmek bilen çalyşdylar. Win Dizel, Mişel Rodrigez we Ludakris Amerikanyň Häagen-Dazs brendiniň doňdurmasyny mahabat etmek üçin ýaryşlar dessanyndaky keşplerinden...

08.05.2024 11:49
6.4k+

“Forsaž-11” 2025-nji ýylda çykmaz, ol 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär

“Forsaž-11” filmi 2026-njy ýylda ekrana çykar. Bu barada režissýor Lui Leterýe aýtdy diýip, daily.afisha.ru habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, film indiki ýylyň başynda surata düşürilip başlanar, 2026-njy ýylda...