Täze Toyota Grand Highlander 2024 tanyşdyryldy

  • 10.02.2023 12:01
  • 33k+

Çikago awtoulag sergisiniň öňüsyrasynda Toyota «Grand Highlander» diýlip atlandyrylýan Highlander krossoweriniň täze görnüşini hödürledi. Wsedorožnigiň täze modifikasiýasy has ulaldy, ýöne häzirki Highlander ýaly platformasyny saklap galdy. Kompaniýa Grand Highlander-iň bahalaryny şu tomus yglan eder.

Tigir diskleri - 20 dýuýma çenli.
Krossowerde öň herekete getirijili we doly herekete getirijili güýç gurluşlarynyň üç warianty hödürlener. Baza 2,4 litrlik benzin turbo hereketlendirijisi bolar, orta orny 2,5 litrlik atmosfera hereketlendirijiniň esasynda gibrid tutar. Hybrid Max diýlip atlandyrylýan ýokarky wersiýa bolsa Toyota Crown-da oturdylan agregat bilen enjamlaşdyrylar.
Toyota ulagyň ölçeglerini entek aýtmady, ýöne onuň uzynlygy 4,9 metr bolan adaty Highlander-den ep-esli uludyr. Diňe bagaž bölüminiň aňrybaş göwrümi belli, bu 2775 litr - adaty wersiýadan 700 litr köp. Mundan başga-da, Toyota üç hatar oturgyç doly ulanylsa-da, bagažda ýedi torba sygjak ýeriň bardygyny kepillendirýär.


Grand Highlander-e sekiz ýolagçy sygar, emma Toyota krossowerini ikinji hatarda aýratyn oturgyçly 7 orunlyk görnüşde hem hödürlär. Salonda 13 sany bulgur üçin ýer we 7 USB-C porty bar.

Kompaniýa Grand Highlander-i Amerikanyň Indiana ştatyndaky zawodda öndürer. Wsedorožnigiň adaty görnüşi hem bu ýerde ýygnaýarlar.


düýn 09:33
5.8k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......

04.05.2026 20:02
4.3k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......