Britaniýanyň poçtasy Karl III-iň portreti bilen ilkinji markalary hödürledi

  • 10.02.2023 11:15
  • 4.3k+

Beýik Britaniýada patyşa Karl III-iň portreti bolan ilkinji adaty poçta markalary hödürlendi. Royal Mail-iň habarynda markalar üçin teňňelerde ýerleşdirilen monarhyň keşbiniň ulanylandygy aýdylýar. Martin Jennings tarapyndan döredilen portret Karl III-iň çep profilini şekillendirýär, Ýelizaweta II-niň portreti bolsa markalarda we teňňelerde sag tarapa seredýärdi. Britaniýanyň däbine laýyklykda, teňňelerde her täze monarhyň ýüzi özünden öňkiniň seredýän tarapynyň garşysyna öwrülýär diýip, rbc.ru belleýär.

“Markalarda teňňelerden alnan şekiliň ulanylmagy 1840-njy ýylda “Gara penniniň” döredilen döwrüne degişli gadymy däbiň dowamydyr” – diýlip, Royal Mail-iň habarynda bellenilýär. “Gara penni” taryhda şa aýaly Wiktoriýanyň portreti bolan bir pens bahaly ilkinji poçta markasydyr.

Karl III-iň portreti dürli bahadaky poçta ýollamalaryny tölemek üçin niýetlenen dört reňkdäki adaty markalarda peýda bolar: gyrmyzy, ýaşyl, akwamarin we gara-ýaşyl. Ähli markalar deslapky sargyt üçin 3-nji martdan elýeterli bolar we 4-nji aprelde satuwa çykar.
Royal Mail-iň habarynda Ýelizaweta II-niň portreti bilen öň çykarylan markalaryň henizem poçtada ulanylyp bilinjekdigi bellenilýär.
Karl III-iň täç geýdirilme dabarasy 2023-nji ýylyň maý aýyna bellenildi, şonuň üçin onuň portreti bolan ilkinji markalar resmi taýdan britan tagtyna geçmezden ozal dolanyşykda peýda bolar.


14.03.2026 15:33
3.2k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...