Futbol boýunça klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynda «Real» «Al-Hilal» bilen duşuşar

  • 09.02.2023 17:08
  • 16k+

Marokkoda geçirilýän futbol boýunça klublaýyn dünýä çempionatynyň finalçylary belli boldy. Dünýäniň iň goly kluby ady ugrunda Madridiň «Realy» bilen Saud Arabystanyndan «Al-Hilal» güýç synanyşar. Final duşuşygy şenbe güni, 11-nji fewralda Rabat şäherindäki «Şazada Molla Abdulla» arenasynda geçiriler.
Duşuşyk aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.

«Real» Müsüriň «Al-Ahli» klubuny 4:1 hasabynda ýeňip finala çykdy. Madridlileriň düzüminde Winisius, Federiko Walwerde, Rodrigo we Serhio Arribas tapawutlandy. Müsür klubundan Ali Malul gol geçirdi.
«Al-Hilal»ýarym final tapgyrynda braziliýalylaryň «Flamengosyny» 3:2 hasabynda ýeňdi. Saud klubundan Salem Al-Dawsari dubl etdi, ýene bir goly Lusiano Wýetto geçirdi. Braziliýalylardan Pedro Abreu dubl etdi.


düýn 20:02
6.4k+

«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi....

düýn 11:22
5.3k+

Serhio Ramos «Sewilýa» klubunyň eýesi bolar

Ispaniýaly futbolçy Serhio Ramos Five Eleven Capital holdingi bilen bilelikde «Sewilýa» futbol klubuny satyn almak barada ylalaşyk gazandy....

15.05.2026 17:43
3.1k+

Ançelotti Braziliýanyň milli futbol ýygyndysy bilen şertnamany 2030-njy ýyla çenli uzaltdy

Italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bilen şertnamasyny 2030-njy ýyla çenli uzaltdy. Bu barada Braziliýanyň Futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär....

15.05.2026 08:01
2.8k+

«Barselona» Flik bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltmak barada ylalaşdy

Ispaniýanyň «Barselona» futbol kluby bilen baş tälimçi Hans-Diter Flik zähmet şertnamasyny uzaltmak barada ylalaşyk gazandy. Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, täzelenen şertnama 2027/28......