«Dünýäde ýylyň awtoulagy» bäsleşiginiň ýarym finalçylary yglan edildi

  • 09.02.2023 14:43
  • 14k+

«World Car of the Year» («Dünýäde ýylyň awtoulagy») bäsleşiginiň eminleri alty kategoriýada ýarym finalçylary yglan etdi. Elektrokarlar bu gezek sanawyň ýarysyny diýen ýaly düzdi. Dalaşgärleriň arasynda Hytaýdan bir modeliň hem bardygy bellärliklidir. Finalçylar bir aýdan yglan ediler, ýeňijiler bolsa aprelde Nýu-Ýorkda geçiriljek awtoulag sergisiniň çäginde yglan ediler.

Alfa Romeo Tonale, BMW 2 Series kupesi we X1 krossoweri (elektrik görnüşi bilen bilelikde), Honda HR-V, Ioniq 6, Kia Niro, Mazda CX-60,  C-klassly  Mersedes-Benz , şeýle hem Nissanyň iki modeli  - Ariýa elektrik ulagy we Z kupe 2023-nji ýylyň esasy titulyna dalaş edýärler.
BMW i7, Genesis GV60, Ioniq 6, Kia Niro we Lucid Air "Ýylyň elektrokary" diýen ugurda bäsleşer. BMW 7 Series we Lucid Air, Genesis G90, Range Rover we Range Rover Sport bilen bilelikde “Ýylyň premial awtoulagy” baýragy üçin gysga sanawa girdiler.
"Ýylyň sport awtoulagy" BMW M4 CSL, batareýa bilen işleýän wsedorožnik Kia EV6 GT ulagy, Nissan Z, Porsche 911 GT3 RS we Toyota GR Corolla bolup biler. “Şäher awtoulagy”  Citroen C3, Hytaýyň Ora Funky Cat-i we Volkswagen Nivus ýaly ulaglaryň arasyndan saýlanar.
Onsoňam, iň oňat dizaýn üçin baýrak eýýäm agzalan Lusid Air, Ioniq 6, Range Rover we Nissan Z -e berlip bilner we olara başga ýene bir elektrokar - Cadillac Lyriq hem goşular. Şeýlelikde, üç modeliň hersi birbada üç nominasiýa ýygnady: bular Ioniq 6, Lucid Air we Nissan Z.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....