Mbappe Ýewropada ýylyň iň gowy futbolçysy boldy

  • 07.02.2023 19:35
  • 9.3k+

“Pari Sen-Žermeniň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe Halkara Futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) tarapyndan 2022-nji ýylda Ýewropanyň iň gowy futbolçysy diýlip saýlandy. Bu barada guramanyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Geçen ýyl Mbappe “Pari Sen-Žermen” bilen bilelikde Fransiýanyň çempionatynda we Super kubogynda ýeňiş gazandy. Ol milli toparynyň düzüminde Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň finalyna çykdy.
Mbappe 2018-nji ýylda “Monakodan” “PSŽ-e” geçdi. Öň hüjümçi IFFHS tarapyndan 2022-nji ýylda Ýewropanyň iň gowy oýunçylarynyň ýygyndysyna goşuldy.
Ýewropanyň iň gowy ýaş futbolçysy (20 ýaşa çenli) Dortmundyň “Borussiýasynyň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Jud Bellingem boldy. Oýunçy milli topary bilen bilelikde dünýä çempionatynyň 1/4 finalyna çykdy.


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....