Apple smartfon bazaryndaky 85% girdejini alyp, täze rekord goýdy

  • 05.02.2023 23:10
  • 12k+

Ýylyň geçen çärýeginde Apple-de kompaniýanyň ýyllyk düşewündiniň we girdejileriniň peselendigi soňky birnäçe ýylda ilkinji gezek boldy. Şeýle-de bolsa, Apple smartfon bazarynda iň köp girdeji gazandy we 2022-nji ýyl onuň üçin rekord ýyl boldy. Counterpoint-iň habaryna görä, smartfon bazaryndaky girdejiniň 85 göterimi Apple-den gelýär.

Birinjiden, bu Apple-iň hemmeleriňkiden has köp pul gazanandygyny aňladýar. Ikinjiden, bu kompaniýa üçin rekord görkeziji. Ýöne bu hemmesi däl. Geçen ýylyň ahyrynda Apple smartfon bazaryndaky ähli girdejiniň 48 göterimini emele getirdi we bu hem kompaniýa üçin rekord ähmiýetli boldy. Hatda üpjünçilik nukdaýnazaryndan hem Cupertino ägirdi bazaryň 18% -ini eýeläp, öz rekordyny goýdy.
Geçen ýyl dünýäde takmynan 1,2 milliard smartfon satyldy, bu bolsa söwdanyň 12 göterim pese gaçandygyny aňladýar. Bu takmynan soňky 10 ýylda iň pes görkeziji boldy.
Smartfonyň girdejisi 9% azaldy we 409 milliard dollar boldy. Bu 2017-nji ýyldan bäri iň pes görkeziji. Geçen ýyl smartfonyň ortaça satuw bahasy  5%  ýokarlandy. San hasabatyny göz öňünde tutsaň, megerem, Apple-iň kömegi bilen şeýle netije gazanylan bolsa gerek.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

06.05.2026 19:44
4.6k+

Samsung-yň eýeleri $8 mlrd möçberinde miras salgydyny töledi. Bu ýurt üçin rekord

2020-nji ýylda aradan çykan Samsung korporasiýasynyň ýolbaşçysy Li Gon Hiniň maşgalasy Günorta Koreýa üçin rekord mukdar bolan 12 trillion wona (8 milliard dollar) möçberindäki miras salgydyny dolulygyna töläp......