Ginnesiň rekordlar kitaby dünýädäki iň garry iti hasaba aldy

  • 04.02.2023 23:33
  • 32k+

Ginnesiň rekordlar kitaby dünýädäki iň garry iti hasaba aldy – Bobi lakamly köpek 1-nji fewralda 30 ýyl we 266 gün ýaşyny doldurdy. Bu barada rbclife.ru habar berýär.

Bobi – portugal garawuly ýa-da portugal mastifi diýlip atlandyrylýan Rafeýru du Alentužu tohumynyň arassa ganly wekili. Öý mallaryny goramak üçin ösdürilip ýetirişdirilen şeýle itleriň ortaça ömür dowamlylygy 12-14 ýyla barabar.
Ol geçen asyryň birinji ýarymyndan bäri saklanan rekordy täzeledi. Öň, taryhda iň garry it 29 ýyl we 5 aý ýaşan (1910-1939) Blýui lakamly awstraliýa hileri hasaplanýardy. Täze rekord goýan itiň ýaşy Portugaliýanyň hökümeti tarapyndan ygtyýarlandyrylan SIAC weterinariýa guramasy tarapyndan tassyklandy.
Bobi 1992-nji ýylda Leýriýa okrugynda Jira atly itden dünýä inip, onuň dört güjüjeginiň biri boldy. Itiň häzirki eýesi Leonel Koşta Bobiniň uzak ýaşamagynyň esasy sebäpleriniň biri “uly şäherlerden uzakda parahat, asuda gurşaw” boldy diýip hasaplaýar. Mundan başga-da, Bobi tokaýlarda we oba hojalyk ýerlerinde erkin gezmäge mümkinçilik alyp, daňylgy saklanmady.
Koşta Bobiniň, esasan, öý naharyndan iýmitlenendigini belleýär. Saglyk ýagdaýy barada aýdylanda, Bobiniň onuň bilen bagly hiç hili kynçylygy bolmady diýen ýaly. Alada galmaga sebäp bolan ýeke-täk zat 2018-nji ýylda itiň dem almakda kynçylyk çekip, huşuny ýitirmegi boldy, ýöne ol diri galyp bildi. Indi it wagtal-wagtal weterinara görkezilýär.


18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....