Toyota Land Cruiser 70 özüniň 40 ýyllyk ýubileýi mynasybetli täze wersiýa alar

  • 03.02.2023 23:31
  • 20k+

Awtoulag öndüriji Land Cruiser 70-i önümçilikden aýyrmagy meýilleşdirmeýär diýip, Toyota-nyň Awstraliýadaky wekiline salgylanýan CarsSales habar berýär. Üstesine, täze model çykarmak meýilnamasynyň bardygy hakynda hem maglumat bar.

Geljek ýyl «Land Cruiser 70» 40 ýyllyk ýubileýini bellär, bu mynasybetli täzelenen wnedorožnigi satyp başlamagy meýilleşdirýärler. LandCruiser 70 Series diňe bir çynlakaý päsgelçilikleri ýeňip geçmek bilen çäklenmän, Toyota-yň agyr ýükleri hem çekip bilýän iň köne we iň çynlakaý wnedorožnigidir.
Ilkinji gezek 1984-nji ýylda çykan 70-nji seriýa 2007-nji ýyldan bäri 200 seriýaly LandCruiser-de ulanylýan 4,5 litrlik goşa turbo görnüşli V8 dizel hereketlendirijisiniň has güýçli görnüşi bilen işleýär.
Täze awtoulag häzirki wersiýasyndan kän bir tapawutlanmaz: tegelek faralara, kesilen şekilli kuzowa we ullakan öň ganatlara eýe bolar. Ýöne içinde welin has köp üýtgeşiklik bolar: Land Cruiser 70-iň gibrid modifikasiýasynyň peýda bolmagy mümkin. Şeýle hem, wnedorožnik 2,8 litr göwrümli Land Cruiser Prado-dan “turbo dörtlügi” alyp biler. Her niçigem bolsa, güýç agregaty has ykjam we ekologiýa taýdan arassa bolmalydyr. Bu möhümdir, sebäbi model hatarynyň “ekoarassalygy” häzirki döwrüň esasy ugry.
Ýapon žurnallary täzeden janlandyrylan Land Cruiser 70-iň güýzde hödürlenjekdigini ýazdylar. Şeýle-de bolsa, täze ulagyň satuwy 2024-nji ýyldan bärde başlanmasa gerek.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......