Toyota Highlander 2024-iň üçünji hatar oturgyçlaryny görkezdi

  • 03.02.2023 11:50
  • 33k+

2024-nji model ýylynyň Toyota Grand Highlander-i 8-nji fewralda tanyşdyrylar, häzirlikçe bolsa kompaniýa ulagyň salonynyň giňligine baha bermäge mümkinçilik berýän surat çap etdi.

Toyota täze Grand Highlander-i «işjeň maşgala kruizeri» hökmünde häsiýetlendirýär. Üçünji hatarda ulularyň rahat oturmagy üçin  aýak goýara ýeterlik giňişlik bar diýip nygtalýar. Bagažda ýedi bölek goş goýmaga ýer bar.
Salonyň suratynda üçünji hataryň iki gapdalynda bulgur goýulýan giňiş ýeriň  bardygy görünýär. Şeýle hem ykjam gurluşlara zarýad berilýän ýer bar.

Öňki tizer Grand Highlander-iň yzky bölegini görkezdi. Adaty modeliň insiz, gyralary ýiti inçelip gidýän çyralary bar bolsa, bu awtoulagda inedördül görnüşli faralar bar. Modeliň ady yzky aýnanyň astynda görnükli ýerde goýlan. Tizerde Hybrid Max nyşany görünýär.
Highlander häzirki wagtda 265 at güýjüni ösdürýän 2,4 litrlik turbo görnüşli dört silindrli hereketlendirijili, aýlanýan pursady 419 Hm görnüşinde çykýar. Şeýle hem 2,5 litrlik dört silindrli hereketlendirijili we umumy kuwwaty 243 at güýji bolan iki hereketlendirijili gibrid görnüşi bar. Grand Highlander-iň bu güýç agregatlarynyň biri bilen elýeterli bolarmy, entek belli däl.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......