GDA ýurtlarynyň birnäçesi soganyň eksportyny togtatdy

  • 02.02.2023 15:06
  • 36k+

Aýazly howa Täjigistanda we Gyrgyzystanda hasylyň bir bölegini weýran etdi we içerki islegi kanagatlandyrmak üçin bu ýurtlaryň ýolbaşçylary bu oba hojalyk önüminiň eksportyny gadagan etdiler. Gazagystanda we Özbegistanda şuňa meňzeş çäre eýýäm hereket edýär diýip, bu ýurtlaryň resmi metbugaty ýazýar. Bu barada ORIENT agentligi ýazýar.

Mälim bolşy ýaly, sogan bu ýurtlaryň däp bolan we milli tagamlarynda giňden ulanylýar. Emma Täjigistan içerki bazardaky ýagdaý durnuklaşýança diňe bir sogany däl, eýsem ýeralmadyr käşiriň eksportyny hem wagtlaýyn gadagan etdi.
Güýçli sowuk howanyň netijesinde täjigistanly daýhanlaryň ekinleriniň takmynan 10-12%-ne zyýan ýetdi. Metbugat habarlaryna görä, indiki hasyl mart aýynyň ahyrynda we apreliň birinji ongünlüginde alnar we ýurtda bakja ekinleriniň ätiýaçlyklary ýaza çenli ilatyň isleglerini kanagatlandyrar.
Gazagystanda soňky bir hepdäniň dowamynda soganyň bahasy 5,5% gymmatlady, ýöne gök önümleriň ýetmezçiligi ýok. Önümiň köpçülikleýin eksportynyň öňüni almak we onuň bahasyny saklamak maksady bilen, ýurtda eksport şu wagta çenli üç aýlap togtadyldy. Söwda we integrasiýa ministrliginiň hasaplamalaryna görä, düýp soganyň ätiýaçlyklary aprel aýyna çenli ýeter. Ondan soň, Täjigistan bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, Gazagystana eýýäm irki  sogan hem gelip başlar. Şeýle hem, önüm bilen üpjün etmek barada Pakistan we Özbegistan bilen gepleşikler alnyp barylýar.


11.06.2026 13:44
3.9k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

04.06.2026 12:34
5.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.5k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......