Toyota Prius-yň «zarýadly» görnüşini taýýarlaýar

  • 02.02.2023 09:31
  • 8.5k+

Toyota-daky seriýalaýyn awtoulaglaryň «zarýadly» görnüşlerine jogapkär Gazoo Racing toparynyň inženerleri «Prius» gibridiniň täze nesli üçin modifikasiýalaryň üstünde işleýärler. Bu hakda BestCarWeb ýazýar. Hetç gibridligine galsa gerek, ýöne kuwwaty ep-eslije güýçlener.

Nesliniň üýtgemegi bilen Toyota Prius öňem has kuwwatlanypdy. Iki litrlik hereketlendirijä esaslanan iň ýokary derejeli güýç gurluşy 223 at güýjüni berýär. (Toyota GR86-dan bary-ýogy 12 at güýji az) we 6,7 sekundyň içinde 100 km/sag tizlige çenli bat almaga mümkinçilik berýär.
Şeýle-de bolsa, Gazoo Racing-de hetçbeki has güýçlendirmegi göz öňünde tutýarlar. Şol bir wagtyň özünde, inženerler bar bolan gurluşy üýtgetmezler: deslapky maglumatlara görä, Prius GRMN RAV4 Prime-den gibrid priwod almagy mümkin. Krossowere oturdylýan atmosferaly 2,5 litrlik hereketlendiriji we iki sany elektromotor ikisi bilelikde jemi 306 at güýjüni ösdürýär. Şeýlelikde, täze Prius güýji boýunça GR Corolla hot-hetç bilen deňleşer.
Gazoo Racing-iň beýleki sport awtoulaglaryndan tapawutlylykda, geljekki täze ulagy mehaniki däl-de, awtomatiki korobka bilen enjamlaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de bolsa, Prius, beýleki sport awtoulaglary ýaly, has berk kuzow we berkidilen şassi alar. Mundan başga-da, gibridiň diňe bir içki görnüşi has sportlaşdyrylmak bilen çäklenmän, goşmaça komplektasiýasyny hasam giňeldip bilerler.
Neşiriň çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, şeýle bäş gapyly ulag 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde çykyp biler.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......