Samsung çärýekdäki arassa girdejisini 2,2 esse ýokarlandyrdy

  • 01.02.2023 11:51
  • 3.7k+

2022-nji ýylyň IV çärýeginde Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy arassa girdejisini 2,2 esse ýokarlandyrdy, emma ýat çipleriniň we smartfonlaryň bölümçelerinde islegiň peselmegi sebäpli operasion girdeji 3,2 esse azaldy. Oktýabr-dekabr aýlarynda kompaniýanyň arassa girdejisi 23,84 trln Günorta Koreýa wonasyna (takmynan, $19,4 mlrd), operasion girdeji 4,31 trln wona barabar boldy. Bu barada Interfax.ru habar berýär.

Hasabat döwründe Samsung-yň girdejisi, takmynan, 8%, 70,5 trln wona çenli azaldy. Kompaniýanyň ýarym geçirijileri öndüriji bölümçesiniň girdejisi 20,07 trln wona, operasion girdejisi 270 mlrd wona boldy. Displeýleri öndürmek boýunça biznes 9,31 trln wona möçberinde çärýek girdejisini, 1,82 trln wona möçberinde operasion girdejini hasaba aldy. IT we ykjam aragatnaşyk bölümçesi 26,9 trln wona möçberinde girdeji, 1,7 trln wona möçberinde operasion girdeji aldy.
Telewizor önümçiligini öz içine alýan sarp ediji elektronikasy bölümçesiniň girdejisi 15,58 trln wona, operasion ýitgi 60 mlrd wona boldy.
2022-nji ýylyň jemi boýunça Samsung arassa girdejisini 39,5%, 55,6 trln wona çenli ýokarlandyrdy, girdeji 8% artyp, 302,2 trln wona ýetdi. Operasion girdeji 43,38 trln wona boldy.
Kompaniýa 2023-nji ýylyň ikinji ýarymyndan islegiň gaýtadan dikeldilip başlanmagyna garaşýar, ýöne makroykdysady näbellilik saklanar.
Sişenbe güni söwdanyň jemi boýunça kompaniýanyň paýnamalary 3,5% azaldy. Soňky 12 aýda onuň kapitallaşdyrmasy 16,6% azaldy.


düýn 20:25
2.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......