14-15-nji fewralda Stambulda Gaz sammiti geçer

  • 01.02.2023 09:59
  • 8.6k+

2023-nji ýylyň 14-15-nji fewralynda Stambulda Ýakyn Gündogaryň, Ortaýer deňziniň we Merkezi Aziýanyň “mawy ýangyç” öndürýän ýurtlarynyň we Ýewropanyň sarp edijileriniň gatnaşmagynda Gaz sammiti (Istanbul Gaz Summit) geçer. Bu barada Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Donmez habar berdi diýip,  Anadolu ýazýar.

Ministriň sözlerine görä, sammite taýýarlyk işleri dowam edýär.
Ýakynda geçiriljek sammitiň şygary: "Geljegi bilelikde howpsuz etmek" (Securing the Future Together).
Türkiýäniň Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy Türkiýede halkara gaz merkezini döretmek üçin görülýän çäreler barada has giňişleýin çykyş etdi.

“Türkiýe ýurdy merkeze öwürmegi maksat edinýän "energiýa diplomatiýasyny” dowam etdirýär. Diňe soňky bir ýylyň dowamynda Türkiýäniň Energetika ministrliginiň wekiliýetleri Merkezi Aziýanyň we Pars aýlagynyň 15 ýurduna baryp gördüler "- diýip, ministr nygtady.


08.06.2026 19:01
4.4k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
11k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...