Turkish Airlines Türkmenbaşy-Stambul gatnawlarynyň peteklerini arzanlatdy

  • 30.01.2023 15:34
  • 51k+

Turkish Airlines awiakompaniýasy Türkmenbaşy — Stambul — Türkmenbaşy ugry boýunça gatnawlarynyň petekleriniň bahasyny arzanlatdy. Atavatan Türkmenistan neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, gidiş-geliş petegini onlaýn görnüşde 351 dollara satyn alyp bolýar.

Türkmenbaşydan (KRW) Stambula (IST) türk howa ýollarynyň uçarlary hepdede iki gezek — sişenbe we penşenbe günleri uçuş edýär.
Aşgabatdan (ASB) Stambula (IST) awiapetekleriniň diňe bir tarapynyň bahasy 367 dollar, gidiş-geliş peteginiň bahasy 655 dollar. Aşgabada gatnawlar hepdede dört gezek — sişenbe, penşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri ýerine ýetirilýär.
Turkish Airlines-iň gatnawlaryna petekleri www.turkishairlines.com saýtyndan, iOS we Android üçin mobil goşundylaryndan onlaýn satyn alyp bolýar.


12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....