1-nji fewraldan Fransiýada koronawirus keselliler üçin hökmany karantin ýatyrylýar

  • 30.01.2023 13:23
  • 11k+

Fransiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi koronawirus bilen bagly howpsuzlyk talaplaryny gowşatdy. Ýagny, COVID keselliler üçin hökmany karantini ýatyrmak kararyna gelindi. Bu barada runews24.ru habar berýär.

Bu çäre şu ýylyň 1-nji fewralyndan güýje girer. Fransiýalylara indi COVID-19 keseli sebäpli karantini berjaý etmek hökmany däl, şeýle-de kesel alamatlary bolmadyk adamlar üçin keselli bilen gatnaşyk barada habar berlenden soň ikinji günde barlagdan geçmeklik hem ýatyrylýar.
Şeýle-de, häkimiýetler 31-nji ýanwardan adamlara gatnaşyk eden adamlarynda koronawirus hadysalarynyň ýüze çykandygy barada habar beren lukmançylyk ätiýaçlandyryş maksatnamasyny bes eder. COVID-19 üçin seljerme işlerine çykdajylar hem döwlet ätiýaçlandyryşyndan aýrylýar.
Fransiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi şeýle üýtgeşmeleri koronawirus bilen bagly epidemiki ýagdaýyň oňyndygy hem-de keseliň haýal ýaýramagy bilen düşündirdi.


düýn 13:30
4.8k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

11.05.2026 18:16
5k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

24.04.2026 21:42
14k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

26.03.2026 17:52
2.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Pariždäki çärelerine gatnaşdy

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Parižde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Bilimiň ösüşine gözegçilik boýunça Ählumumy hasabatyň (GEM Report 2026)......