Belarusly Sobolenko Australian Open 2023-de ýeňiji boldy

  • 29.01.2023 12:03
  • 7.8k+

Belarusly Arina Sobolenko “Uly tuwulganyň” Australian Open-2023 tennis ýaryşynyň finalynda Gazagystanyň wekili Ýelena Rybakinany utdy. Melburndaky duşuşyk 2 sagat 28 minut dowam edip, 4:6, 6:3, 6:4 hasabynda tamamlandy. Bu barada interfax.ru belleýär.

Dünýäniň bäşinji raketkasy Sobolenko üçin bu “Uly tuwulganyň” ýekelikdäki ýaryşlarynda ilkinji tituldyr. Jübüt oýnalýan görnüşinde ol US Open-2019 we Australian Open-2021 ýaryşlarynda ýeňiş gazandy.
Rybakina dünýäniň 25-nji raketkasy. Ol Moskwada dünýä indi, 2018-nji ýyla çenli Russiýa üçin çykyş etdi, soňra Gazagystanyň wekili boldy. 2021-nji ýylda Rybakina Wimbledonda geçirilen “Uly Tuwulga” ýaryşynda ýeňiji boldy.
Australian Open 29-njy ýanwarda erkekleriň arasynda geçiriljek final oýny bilen tamamlanar: serbiýaly Nowak Jokowiç (5) bilen gresiýaly Stefanos Sisipas (4) duşuşar.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......