Tailand daşary ýurtlular üçin koronawirusa garşy sanjym merkezlerini açar

  • 29.01.2023 11:31
  • 5.9k+

Tailandyň 76 welaýatynyň her birinde daşary ýurtly syýahatçylar üçin azyndan bir sany koronawirusa garşy sanjym merkezi açylar. “Taý pi-bi-es” teleýaýlymynyň habar bermegine görä, daşary ýurtlular üçin meýletin immunizasiýa tölegli bolup, patyşalygyň raýatlary üçin saklanýan sanjym ätiýaçlyklaryna täsir etmez diýip, bigasia.ru belleýär.

Şonuň bilen birlikde uzak möhletleýin wizalary bolan daşary ýurtlular, diplomatik korpusyň işgärleri, şeýle-de olaryň maşgala agzalary koronawirusa garşy sanjymy mugt alyp bilýärler. Daşary ýurtly syýahatçylar üçin immunizasiýa hyzmaty 18-nji ýanwarda Bangkokyň käbir ýerlerinde, şeýle-de Songkhla, Çiangmaý we Çonburi welaýatlarynda teklip edildi. AstraZeneca serişdesi bilen sanjym almagyň bahasy bir doza üçin 800 bat (24 dollar), Pfizer – 1000 bat (30 dollar). Mundan başga-da, müşderiler 380 bat (11 dollar) möçberinde hyzmat tölegini hem tölemeli bolar.
Tailandda koronawirus bilen kesellemegiň ilkinji hadysasy 2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda ýüze çykaryldy. Ýurduň uly ýaşly ilatynyň mugt köpçülikleýin immunizasiýasy 2021-nji ýylyň fewral aýynda başlady, soňra ol 12 – 18 ýaşlylar üçin hem degişli edildi. 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda kowid pandemiýasy sebäpli girizilen patyşalyga giriş üçin çäklendirmeler we adatdan daşary ýagdaý režimi ýatyryldy.


18.05.2026 15:03
9.5k+

Git, gör, gir: dünýäniň iň üýtgeşik howuzlary syýahata çagyrýar

Öňler howuzlara diňe dynç alyş ýeri hökmünde garalan bolsa, bu gün olar täsin hem ýatdagalyjy şekildäki binalara öwrülmek derejesine baryp ýetdiler. Syýahatçylar şeýle howuzlar sebäpli öz ýollaryny......

17.05.2026 10:14
6.8k+

Tailand syýahatçylar üçin wizasyz bolmak möhletini 30 güne çenli gysgaltmak isleýär

Tailandyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin wizasyz bolmak möhletini 60 günden 30 güne çenli gysgaltmagy göz öňünde tutýar....

03.03.2026 14:17
4.5k+

Tailand daşary ýurtlular üçin wiza jerimelerini ýatyryp, günde $55 çenli pul goldawyny belledi

Tailandyň häkimiýetleri Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlaryň ýitileşmegi sebäpli awiagatnawlaryň ýatyrylmagy netijesinde ýurtda galan daşary ýurtly syýahatçylar üçin wagtlaýyn goldaw çäreleriniň girizilýändigini yglan etdi...

23.08.2025 18:31
9.6k+

Tailand 200 müň syýahatça mugt awiabiletleri paýlamagy meýilleşdirýär

Tailandyň Syýahatçylyk we sport ministrligi daşary ýurtly syýahatçylar üçin mugt içerki uçuş maksatnamasyny teklip etdi. Bu başlangyjy durmuşa geçirmek üçin 700 mln bat bölüp bermek meýilleşdirilýär diýip, The Economic Times neşiri ýazýar...