Tailand daşary ýurtlular üçin wiza jerimelerini ýatyryp, günde $55 çenli pul goldawyny belledi

  • 03.03.2026 14:17
  • 4.5k+

Tailandyň häkimiýetleri Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlaryň ýitileşmegi sebäpli awiagatnawlaryň ýatyrylmagy netijesinde ýurtda galan daşary ýurtly syýahatçylar üçin wagtlaýyn goldaw çäreleriniň girizilýändigini yglan etdi. Bu barada «Thai Examiner» neşiri habar berýär.
Maglumatlara görä, ýurtda bolmagyň möhleti geçirilendigi üçin girizilýän jerimeleri ýatyrmak, myhmanhanalarda ýaşamak üçin arzanladyşlar we günde 2000 bat (takmynan, 55 dollar) möçberinde tölegleri bermek göz öňünde tutulýar. Ýöne bu tölegleriň jemi mukdary bir adam üçin 20 000 batdan (takmynan, 550 dollar) geçmeli däldir.
Tailandyň immigrasiýa gulluklary howa giňişliginiň ýapylmagy sebäpli ýurtdan çykyp bilmeýän daşary ýurt raýatlarynyň ýurtda bolmagyň möhletini wagtlaýyn uzaltmaga hakynyň bardygyny mälim etdi. Wizanyň möhletini islendik immigrasiýa gullugyna arza bermek arkaly 30 güne çenli uzaltmak mümkindir. Bu çäreler ýagdaý durnuklaşýança dowam eder.
Tailandyň Syýahatçylyk we sport ministrliginiň maglumatyna görä, awiagatnawlardaky bökdençlikler Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar bilen baglydyr. Munuň netijesinde ýüzlerçe gatnaw, şol sanda Dubaý arkaly geçýän ugurlar ýatyryldy, birnäçe awiakompaniýalar bolsa uçuş tertibini gysgaltdy. Ýurduň dört sany howa menzili wagtlaýyn çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz boldy, bu bolsa daşary ýurt raýatlarynyň uçuşynyň gijikdirilmegine sebäp boldy.
Syýahatçylyk we sport ministrliginiň sekretary Nattariýa Taweewong kyn ýagdaýa düşen syýahatçylara ýeňillikli ýerleşiş şertlerini döretmek barada görkezme berdi. Myhmanhanalara wagtlaýyn eglenen daşary ýurtlular üçin ýörite nyrhlary hödürlemek maslahat berildi.


18.05.2026 15:03
9.5k+

Git, gör, gir: dünýäniň iň üýtgeşik howuzlary syýahata çagyrýar

Öňler howuzlara diňe dynç alyş ýeri hökmünde garalan bolsa, bu gün olar täsin hem ýatdagalyjy şekildäki binalara öwrülmek derejesine baryp ýetdiler. Syýahatçylar şeýle howuzlar sebäpli öz ýollaryny......

17.05.2026 10:14
6.8k+

Tailand syýahatçylar üçin wizasyz bolmak möhletini 30 güne çenli gysgaltmak isleýär

Tailandyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin wizasyz bolmak möhletini 60 günden 30 güne çenli gysgaltmagy göz öňünde tutýar....

23.08.2025 18:31
9.6k+

Tailand 200 müň syýahatça mugt awiabiletleri paýlamagy meýilleşdirýär

Tailandyň Syýahatçylyk we sport ministrligi daşary ýurtly syýahatçylar üçin mugt içerki uçuş maksatnamasyny teklip etdi. Bu başlangyjy durmuşa geçirmek üçin 700 mln bat bölüp bermek meýilleşdirilýär diýip, The Economic Times neşiri ýazýar...

22.08.2025 08:02
3k+

Tailandda syýahatçylar kriptowalýutalaryny milli pullaryna çalşyp bilerler

Tailandyň hökümeti daşary ýurtly syýahatçylaryň kriptowalýutalaryny bat puluna (taý milli puly) çalşyp, ýurtda syýahat edýän wagty harçlamaga mümkinçilik berjek TouristDigiPay atly täze programmasyny işe girizer diýip, Bloomberg habar berýär...