Taryhda has isleg bildirilen telefonlar belli boldy

  • 29.01.2023 11:12
  • 41k+

Taryhda has isleg bildirilen, has takygy, iň köp satylan telefonlar düwmeli Nokia telefonlary we iPhone boldy. Telefon taryhynda alyjylaryň arasynda iň meşhur telefonlar Nokia kompaniýanyň gajetleri bolup, häzirki wagta çenli bu telefonlardan jemi 3,245 mlrd birlik satyldy. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Iň köp satylan modelleriň ýigrimiligine satylan birlikleriň sany boýunça birinji orny eýeleýän meşhur Nokia 1100 modeli girdi – 250 mln, onuň yzyndan Nokia 1110 ýerleşdi – bu gurluşdan 248 mln birlik satyldy. Sanawda 224 mln iPhone 6 we 6 Plus satan Apple hem bar.
Şeýle-de, has isleg bildirilen telefonlaryň hataryna Nokia 105, iPhone 6s we 6s Plus, iPhone 7 we 7 Plus goşuldy. Apple kompaniýasynyň iPhone 11, şol sanda Pro we Pro Max, iPhone 5, iPhone 8 we 8 Plus modelleri-de sanawdan orun aldy.
Düwmeli Nokia telefonlary has meşhur bolsa-da, bu sanawda 152 mln birlik möçberinde satylan garşylykly sensor ekranly Nokia 5230 telefonynyň bardygyny hem bellemek gerek.


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...