Türkmen mekdep okuwçylary halkara bäsleşiklerde üstünlik gazanýarlar

  • 22.01.2023 20:58
  • 16k+

2023-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Russiýa Federasiýasynda internet arkaly geçirilen «Anglius» atly  halkara iňlis dili bäsleşiginde Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Şirmyrat Geldiýew III orna, şol mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Dawut Allalyýew II orna mynasyp boldular.

Belläp geçsek, bu mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Rejepmämmet Bäbişow geçen ýylyň 28-nji noýabrynda ABŞ-da geçirilen «World Mathematics Team Championship 2022» atly internet halkara matematika bäsleşiginde altyn medala mynasyp boldy. Bu bäsleşige dünýäniň 17 döwletinden ýüzlerçe zehinli okuwçylar gatnaşdy.

26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......