Hytaýda Aý senenamasy boýunça Täze ýyl başlady

  • 22.01.2023 17:50
  • 15k+

Hytaýyň ýaşaýjylary ýekşenbe güni Aý senenamasy boýunça gara suw towşanynyň howandarlygynda geçjek Täze ýylyň gelmegini baýram edip bellediler. Bu barada TASS agentligi habar berýär.

Geçen ýylyň dekabr aýynda ýerli häkimiýetler tarapyndan ýurtda hereket etmäge degişli kowid çäklendirmeleri hem-de serhet gadaganlyklary ýatyrylandan soň, HHR-iň ýaşaýjylary COVID-19 pandemiýasy başlaly bäri ilkinji gezek Täze ýyly erkin aýlanyp belläp bilýärler. HHR-iň Immigrasiýa işleri boýunça döwlet edarasynyň habar berşi ýaly, Täze ýyl mynasybetli dynç alyş möwsüminde Hytaýyň çägine gelýänleriň we gidýänleriň sany, takmynan, 600 müň bolar, bu bir ýyl ozalky degişli döwürdäki giriş-çykyşlaryň sanyndan tas iki esse köpdür.
Hytaýda ýetip gelen baýram mynasybetli dynç alyş günleri üçin käbir restoranlar, banklar, dükanlar we döwlet edaralary ýapyldy. Diňe polisiýa, ýangyn we beýleki gyssagly kömek gulluklary işleýär.
Bu ýyl Pekiniň administrasiýasy howpsuzlyk çäreleri bilen baglylykda Täze ýyl üçin adaty bolan feýerwerkleri ulanmagy gadagan etdi. Muny häkimiýetler tarapyndan paýtagtda ýaşaýan öýjükli aragatnaşyk abonentleriniň telefon belgilerine ýollanan SMS habarlary hem-de şäherde ýaýradylan kagyz habarnamalary delillendirýär.
Aý senenamasy boýunça Täze ýyl 21-nji ýanwardan 22-nji ýanwara geçilýän gije başlady we 2024-nji ýylyň 10-njy fewralyna çenli dowam eder. Onuň howandary suw towşany bolup, esasy reňkleri gara we gökdür. Hytaý ýaşaýjylary üçin Çunsze Aý senenamasy boýunça bellenilýän esasy baýramçylyklaryň biridir.


18.06.2026 11:17
4.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....