«PSŽ» Er-Riýadyň ýygyndysyny 5:4 hasap bilen utdy, Messi we Ronaldu gol geçirdi

  • 20.01.2023 06:45
  • 34k+

«Pari Sen-Žermen» fransuz kluby ýoldaşlyk duşuşygynda «Al-Nasr» hem-de «Al-Hilal» saud klublarynyň futbolçylaryndan düzülen Er-Riýadyň ýygyndysyny 5:4 hasabynda ýeňdiler. Duşuşyk penşenbe güni Er-Riýadda patyşa Fahd adyndaky stadionynda geçirildi.

Duşuşykda «PSŽ-den» gollary — Lionel Messi (3-nji minut), Markinýos (43), Serhio Ramos (53), Kilian Mbappe (60, pen.), Ýugo Ekitike (78); Er-Riýaddan — Kriştianu Ronaldu (34, pen., 45+6), Çan Hön Sun (56), Anderson Taliska (90+3) geçirdi. Neýmar duşuşykda 11 metrlik jerime urgusyny geçirip bilmedi. Ronaldu, Messi, Neýmar, Mbappe 62-nji minuda çenli meýdançada boldular.


düýn 23:00
1k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.5k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.9k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......