Apple täze Macbook Pro we M2-li Mac Mini bilen tanyşdyrdy

  • 19.01.2023 08:15
  • 6.3k+

Apple gurluşlarynyň - M2 Pro we M2 Max prosessorly Macbook Pro-nyň, şeýle hem M2 we M2 Pro-ly Mac Mini-niň gysgaça tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.

M2 Pro we M2 Max-da Macbook Pro
Täze 14 we 16 dýumlyk noutbuklar tehniki artykmaçlyklarynyň hasam köpelendigi bilen magtanyp bilerler. M2 Pro prosessorly wersiýasy 19 grafiki ýadro we 32 Gb RAM-a çenli 12 ýadroly prosessor alar. M2 Max prosessorly wersiýa 38 grafiki ýadro we 96 Gb RAM bilen hasam öňe saýlanar.
Satuw 24-nji fewralda başlar: M2 Pro-ly 14 dýuým-lyk wersiýa 2000 dollardan, 16 dýuým-lyk modeli 2499 dollardan başlar. M2 Max prosessorly wersiýalar ondanam gymmat.
M2 Pro-nyň M2-den hem iki esse köp tranzistory bar we M1 Pro-dan 20% köp. Öndürijiligi hasam gowy. Apple M2 Pro-daky Adobe Photoshop-yň M1 Pro-dan 40%, Intel Core i9 prosessorly MacBook Pro-dan 80% çaltdygyny tassyklaýar.
M2 Max grafikalary M1 Max-dan takmynan 30% çalt işläp berejýär we bäsdeşleriniň "hatda işledip bilmeýän" grafikalary bilen hem işläp bilýär.

M2-li Mac Mini
M2-li Mac Mini-niň esasy modeliniň 8 Gb RAM-y we 256 Gb ammar-y bar. Portlara HDMI, gigabit internet, gulaklyklar üçin adaty kese kesigi, iki USB-A port we iki sany Thunderbolt 4 (USB-C) port girýär. Bahasy 599 $.
Mundan başga-da, M2 Pro prosessorly Mac Mini wersiýasy bolar. Esasy konfigurasiýasynda 16 Gb RAM, 512 Gb SSD ammary we iki sany goşmaça Thunderbolt 4 porty bar - ýogsam bu model Mac Mini M2 bilen birmeňzeşdir. Bahasy - 1299 $ -dan.


düýn 11:10
1.1k+

OpenAI we Anthropic iň täze AI modellerini ýapyk tertipde çykarýar: näme üçin beýlekä?

OpenAI kompaniýasy öz blogunda çat-botunyň iň täze wersiýalary bolan GPT-5.6 Sol-yň, Terra-nyň we Luna-nyň çykarylandygyny mälim etdi. ABŞ-nyň hökümetiniň talap etmegi boýunça bu modellere elýeterlilik hökümet......

28.06.2026 10:31
6.7k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

27.06.2026 10:51
1.1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3.2k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......