2022-nji ýylda elektromobilleriň dünýä boýunça satuwy 70% ýokarlandy

  • 17.01.2023 18:10
  • 12k+

Hytaýda we Ýewropada islegiň ýokarlanmagy bilen bagly 2022-nji ýylda elektromobilleriň ählumumy satuwy ep-esli ýokarlandy.

LMC Automotive we EV-Volumes.com-yň maglumatlaryna görä, ýyllyk awtoulag satuwynda olaryň paýy 10% -e ýetdi.
Şu maglumatlara laýyklykda, doly elektrikleşdirilen awtoulaglaryň ýerlenilişi,  geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 68% ýokarlanyp, 7,8 million birlige ýetdi.
Ýewropada elektromobilleriň umumy satuwdaky paýy 11%, Hytaýda 19% boldy. Elektromobiller, şeýle hem geçirilýän gibrid ulaglar 2022-nji ýylda Ýewropa bazarynda awtoulag satuwynyň jemi 20,3% -ini emele getirdi.
Nemes awtoulag senagaty birleşiginiň (VDA) habaryna görä, elektrik hereketlendirijili awtoulaglar geçen ýyl Germaniýada öndürilen awtoulag önümçiliginiň 25%-ini emele getirdi. Dekabr aýynda olaryň Germaniýadaky satuwy içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň satuwyndan ýokary boldy.
Dünýäde umumy awtoulag satuwy geçen ýyl 1% azaldy we 80,6 million birlik boldy. Onuň ABŞ-da 8%, Ýewropada 7%, Hytaýda 4% aşaklandygyna LMC-iň maglumatlary şaýatlyk edýär.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......