Ford Explorer Timberline-yň häsiýetnamalary mälim edildi

  • 17.01.2023 13:26
  • 8.8k+

Hytaýyň Senagat we informatizasiýa ministrligi resmi bildiriş edilmezden ozal, Ford Explorer Timberline krossoweriniň wnedorožnik wersiýasynyň suratlaryny we häsiýetnamasyny çap etdi.

Hytaýyň Senagat ministrliginiň habaryna görä, Ford Explorer Timberline 19 mm ulaldylan klirensi bilen tapawutlanýar. Geçen ýylyň standart modeliniň ýol prosweti 200 mm. Şeýle hem ol 18 dýuýmlyk diskli ýörite wnedoroşnyý şinalara, täze bampere, kuzowy üýtgeşik reňke eýe bolar we radiatoryň gözeneginde hrom bolmaz.
Ford Explorer Timberline on basgançakly awtomatiki geçiriş korobka we doly priwod ulgamy bilen işleýän, aýlanýan pursady 425 Hm-ly, 276 at güýjüne deň, 2,3 litrlik benzinli hereketlendirijini alar. Iň ýokary tizligi sagatda 180 km bolar.

Ölçegleri 3024 mm tigirli bazasy bilen 5066 x 2004 x 1797 mm bolar. Awtoulagyň umumy agramy 2139 kg.
Awtoulagyň bahasy ýakyn wagtda geçiriljek tanyşdyryş dabarasynda yglan ediler.


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....