Şakira YouTube-da rekord goýdy, onuň Pike baradaky wideosy 120 mln tomaşadan geçdi

  • 17.01.2023 09:12
  • 41k+

Şakiranyň täze aýdymy üçin wideosy YouTube-da 122 mln tomaşa belliginden geçdi we “dünýä trendleri” sahypasynda üçünji orna çykdy. Şakira aýdymy BZRP Music Sessions YouTube taslamasynyň çäklerinde argentinaly DJ we prodýuser Bizarrap bilen bilelikde ýazdy diýip, BBC habar berýär.

Diňe ilkinji 24 sagadyň dowamynda YouTube-da aýdyma 65 mln gezekden gowrak tomaşa edildi, bu hem ony platformanyň taryhynda iň meşhur latyn amerikan aýdymyna öwürdi. Kolumbiýaly aýdymçy bu aýdymy öňki ýanýoldaşy – futbolçy Žerar Pikä bagyşlady. Aýdymda onuň ady agzalmaýar, ýöne salgylanmalar şeýle netijä getirýär. Mysal üçin, Şakira öňki söýgülisiniň “köp hereket edýändigini, ýöne beýnisini az işledýändigini” belleýär. Şekilli aýdymda Pikeniň duşuşýan gyzy — Klara Martä hem deglip geçilýär. Şakira futbolçynyň «Ferrarini Twingo we Rolex-i Casio çalşandygyny» aýdýar.

“Sen özüňi çempion ýaly görkezmek üçin jan edýärsiň, emma meniň saňa mätäçlik çeken wagtym sen özüňi ýaramaz tarapdan görkezdiň. Men ýaly möjekler sen ýaly ýigitler üçin däl. Men senden üstün çykdym – ine, şonuň üçinem sen özüň ýaly gyz bilen bolýarsyň” – diýip, aýdymyň tekstinde aýdylýar.


düýn 23:19
1.9k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

14.06.2026 14:07
3.8k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....