Hytaý dünýädäki ilkinji dolandyryjysyz barlag gämisini işe girizdi

  • 15.01.2023 21:51
  • 22k+

Hytaý dünýäde ilkinji doly awtomatlaşdyrylan ylmy-barlag gämisini ulanylyşa girizdi. Bu barada Hytaýyň Merkezi telewideniýesi CCTV-ä salgylanyp, TASS habar berýär.

“Çžuhaýýun” gämisi awtonom nawigasiýa ulgamy hem-de uzak aralykdan dolandyryş tehnologiýasy bilen enjamlaşdyryldy. Onuň energetiki we hereketlendiriji gurluşy ýaly esasy ulgamlarynyň ählisini Hytaý özbaşdak işläp düzdi diýlip, materialda görkezilýär.
Gäminiň uzynlygy 88,5 metr, ini 14 metr we bortunyň beýikligi 6,1 metr. Agramy bilen 2,1 müň tonna suwy gysyp çykarýan gäminiň iň ýokary tizligi 18 uzele barabar. Tygşytly režimde tizlik 13 uzele deň.
Gämi ummany öwreniş, okeanografiki surata düşüriş, kartografiýa, deňiz patrullary we nusga alyş boýunça toplumlaýyn işleri ýerine ýetirmek üçin ulanylyp bilner. Onuň bortunda howa we deňiz giňişliklerine, şeýle-de çuňluklara gözegçilik etmek üçin dürli enjamlary gurnamak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulandyr.


düýn 20:08
3.7k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......

25.05.2026 16:14
5.4k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....