51 gün: Hindistanda dünýäde iň uzak derýa syýahaty işe girizildi

  • 15.01.2023 21:44
  • 16k+

Hindistanyň we Bangladeşiň derýalary arkaly uzaklygy 3,2 müň km bolan gämi syýahaty Gangyň kenarynda ýerleşýän Waranasi şäherinde başlady. “The Pioneer” gazetiniň habar bermegine görä, dünýädäki iň uzak derýa syýahatynyň açylyş dabarasyna Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy diýip, bigasia.ru belleýär.

“Hindistanyň bäş ştatynyň üsti bilen dünýädäki iň uzak derýa gezelenjiniň başlamagy respublikada syýahatçylygyň täze eýýamyny alamatlandyrdy” – diýip, hökümet baştutany belledi.

Gangyň we Hindistanyň hem Bangladeşiň 27 derýasynyň üsti bilen üç palubaly MV Ganga Vilas gämisinde Şweýsariýadan 33 syýahatçy syýahata ugrady. Gezelenç 51 gün dowam edip, Assam ştatynyň Dibrugarh şäherinde tamamlanar.
Gezelenç ugry syýahatçylary Hindistanyň baý medeni we taryhy mirasy bilen tanyşdyrmak üçin işlenip düzüldi. Maksatnama 50 sany syýahatçylyk merkezine, şol sanda BMG-niň Bütindünýä medeni mirasynyň obýektlerine, milli seýilgählere we Patna, Sahiganj, Kalkutta, Guwahati we Dakka ýaly uly şäherlere baryp görmeklik girizildi.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......