Owganystanda çykarylan ilkinji superkar görkezildi

  • 13.01.2023 13:20
  • 57k+

Owganystanda Mada 9 atly ilkinji superkar görkezildi, aýratynlyklary barada jikme-jiklikler henizem az, ýöne döredijiler onuň suratlaryny we wideolaryny çap etmekden çekinmeýärler.

Awtoulagyň eýýäm gurlandygyny we görkezme maksatly ulanylýandygyny bellemelidiris. Awtoulag kuwwaty näbelli dört silindrli Toyota-nyň hereketlendirijisi binýadynda döredildi. Kabul hünär-tehniki institutynyň ýolbaşçysy Gulam Haýdar Şahamat Owganystanyň TOLO News neşirine Toyota Corolla-nyň hereketlendirijisiniň kuwwatyny artdyrmak üçin üýtgedilendigini we ENTOP-yň Mada 9-da elektrik transmissiýany gurnamak isleýändigini aýtdy.
Mada 9 superkary 5 ýylyň dowamynda döredildi, onuň üstünde 30 inženerden ybarat topar işledi: ENTOP kompaniýasynyň we Kabul hünär-tehniki institutynyň işgärleri.
ENTOP-yň baş direktory Mohammad Riza Ahmadi superkar “bilimiň gymmatyny halka ýetirer” we Owganystanyň dünýä ýüzündäki abraýyny ýokarlandyrar diýip umyt edýändigini aýtdy.


şu gün 12:31
1.3k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

şu gün 09:36
2.1k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

düýn 08:19
2.2k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

düýn 01:38
6.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......