BMG: Ýeriň ozon gatlagy 2060-njy ýyllarda doly dikelip biler

  • 12.01.2023 12:56
  • 17k+

Adamzadyň ozon gatlagyny gorap saklamak baradaky tagallalary netije berdi — bary-ýogy birnäçe onýyllygyň içinde ol doly dikelip biler diýip, BMG-de aýdýarlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak maksatnamasy (UNEP) planetamyzy ultramelewşe Gün şöhlelerinden goraýan ýuka gaz gatlagy bolan Ýeriň ozon gatlagynyň ýagdaýy barada täze hasabat çap etdi.
Hasabatda şeýle diýilýär: "Häzirki syýasat dowam etdirilse, ozon gatlagynyň takmynan 2066-njy ýylda Antarktidanyň üstünde, 2045-nji ýyla çenli Arktikanyň üstünde we 2040-njy ýyla çenli bolsa dünýäniň beýleki ýerlerinde 1980-nji ýyldaky ýagdaýynyň (ozon deşigi peýda bolmanka) dikeldilmegine garaşylýar”.
BMG hünärmenleri ozon gatlagynyň dikeldilmeginiň howanyň ählumumy üýtgemeginiň täsirini gowşadyp biljekdigini bellediler.


05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

30.04.2026 17:05
2.7k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

27.04.2026 02:06
4.3k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......