Wýetnam COVID-19 sebäpli serhetde we howa menzillerinde barlagy güýçlendirer

  • 12.01.2023 12:53
  • 15k+

Wýetnamda COVID-19 keseliniň güýçlenmegine garşy göreş sebäpli serhet nokatlarynda we halkara howa menzillerinde gözegçilik çäreleri güýçlendiriler. Bu barada Sinhua agentligine salgylanyp, forbes.kz habar berýär.

Wýetnamyň hökümeti daşary ýurtly raýatlar üçin wiza bermegiň düzgünine üýtgetmeler girizmegi tabşyrdy. Wýetnamyň premýer-ministri Fam Min Tin Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrligine syýahatçylary we ýerli ýaşaýjylary koronawirus ýokanjyndan goramak üçin çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ýurduň häkimiýetleri ýazda Hytaýda Aý senenamasy boýunça Täze ýyl baýramçylygynyň bellenmegi we birnäçe ýurtlarda wirus bilen göreş çäreleriniň gowşadylmagy sebäpli täze koronawirus bilen keselleme hadysalarynyň ýüze çykmagyndan howatyrlanýarlar.
9-njy ýanwardaky ýagdaýa görä, Wýetnamda 11 525 763 adam koronawirus ýokanjy bilen keselledi. Olaryň 92%-i sagaldy. 43 186 adam ýogaldy.


09.04.2026 12:01
2.6k+

Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli......

07.04.2026 21:02
2.3k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

02.09.2025 13:34
8k+

Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Prezidentini Garaşsyzlygynyň 80 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Lyong Kyonga Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

28.08.2025 15:09
4.1k+

Arabikany we robustany iň köp ösdürip ýetişdirýän ýurtlaryň reýtingi düzüldi

Kofe öndürýän ýurtlar kofe dänelerini hem içerki bazar, hem eksport üçin ösdürip ýetişdirýärler we gaýtadan işleýärler. Dünýäde kofeniň esasy görnüşleri - arabika we robusta bolup, olaryň ösdürilip ýetişdiriliş şertleri düýpgöter tapawutlanýar...